Kerki çörek kärhanasynda çörek we çörek önümlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Bu ýerde öndürilýän «Ruhubelent», «Altyn däne», «Altyn asyr», «Höwesli» ýaly haryt nyşanly ýokary hilli çörek we çörek önümlerine islegler barha ýokarlanýar. Bu barada welaýat neşiriniň elektron görnüşinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, kärhanada şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda 2 müň 538 tonna çörek we çörek önümlerini öndürmek meýilleşdirilip, bu görkeziji 5 müň 780 tonnadan geçdi. Bu bolsa çörek we çörek önümleriniň 3 müň 242 tonnasynyň meýilnamadan artyk öndürilendigini görkezýär. Degişli döwürde öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 10 million 645 müň 315 manatlyga deň boldy. Ösüş depgini 114 göterime ýetirildi diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir