Peruwyň poliseýleri seýrek pyşbagalaryň bikanun ýol bilen ýurtdan alnyp gidilmeginiň öňüni aldylar diýip, «24KZ» habar berýär. Hukuk goraýjylar howa menzilinde suwly konteýnerleri barlanlarynda, olarda 4 müňden gowrak pyşdyly ele saldylar. Hünärmenler olaryň arasynda Peruwda ýitip-ýok bolmak howpy abanýan görnüşleriň 400-den gowragyny anykladylar. Pyşbagalary bikanun ýol bilen Indoneziýa äkitmekçi bolupdyrlar. Häzir jandarlar pyşbagalary köpeltmek boýunça merkeziň meýletinçileriniň gözegçiligine berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir