Ýörite tikinçilik hyzmatlaryny hödürleýän atelýä ýüzlenýän her bir zenan başga hiç kimde bolmadyk lybaslary arzuw edýär. Aşgabatdaky «Bahar» atelýesinde işleýän ussat hünärmenler diňe bir baýramçylyklar üçin däl, eýsem, gündelik durmuş üçin hem özboluşly lybaslary döredýärler. Moda pudagynda on ýyllyk tejribesi bolan atelýeniň esasy iş ugry türkmen milli äheňinde döwrebap lybaslary tikmekdir. Bular türkmen keşdeçilik sungatynyň gaýtalanmajak nagyşlary bilen bezelen owadan köýnekler, çabytlar, donlar, kürteler, şeýle hem dürli esbaplardyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir