Aşgabatda «DevFest 23» festiwaly geçirildi. Festiwalda dürli usullary ulanmaka arkaly kod ýazmak, internetiň işiniň düzümi, dizaýnyň inçe tilsimleri we oýunlary işläp taýýarlamagyň esaslary ýaly ugurlar bilen tanyşdyryldy. Bu barada «Altyn asyr» ÝGPJ-niň resmi saýtynda habar berildi. Festiwalda giriş sözi bilen «Google»-yň (Google Developer Group, GDG) Programmalary işläp düzüjiler toparynyň Aşgabatdaky guramaçylary Saparguly Mahtumow we Mährijemal Gylyjowa çykyş etdiler. Soňra ýygnananlary sanly ulgam arkaly «Google»-yň programmalary işläp düzüjiler bilen gatnaşyklary boýunça utgaşdyryjysy Askar Aýtunow gutlady. «Google-yň Aşgabatdaky programmalary işläp düzüjiler topary depginli kämilleşýär. IT jemgyýetçiliginiň agzalarynyň taslamanyň çäklerinde geçirilýän çärelere uly gyzyklanma bildirmegi munuň subutnamasydyr. Şu ýylyň sentýabr aýynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Google»-yň programmalary işläp düzüjiler ilkinji talyplar klubynyň (GDSC IUHD) açylandygyny bellemek gerek. Bu geçirlen sepgitler türkmen programmalary işläp düzüjileriniň tehnologiýalar ulgamyndaky bilimlerini we başarnyklaryny kämilleşdirmek isleýändigine şaýatlyk edýär» diýip, Askar Aýtunow öz çykyşynda belledi. Soňra Türkmenistanda «Google»-yň programmalary işläp düzüjiler ilkinji talyplar klubyny (GDSC IUHD) esaslandyryjy Bägül Rejepowa çykyş etdi. Ol ýygnananlara klubyň işi hem-de talyplaryň jemgyýetçilik durmuşyndaky ähmiýeti barada gürrüň berdi. Soňra kod ýazmak, frilansda işlemek, maglumatlary seljermek we tankydy nukdaýnazardan pikir ýöretmek ýaly dürli mowzuklar boýunça ugurdaş sessiýalar geçirildi. «Sessiýalaryň «GDE ýol kartasy», «Prompt-inžiniring sungaty», «Keras bilen işlemek» ýaly atlaryny okanyňda, olaryň diňe hünärmenler üçin niýetlenendir öýüdýärsiň. Ýöne, her sessiýa başalananda onuň hemmeler üçin gyzykly boljakdygyna düşünýärsiň. Meselem, «GDE ýol kartasy» ady bilen geçirilen sessiýada «Google»-yň ilkinji türkmen programmalary işläp düzüji bilermeni özüniň iş tejribesini paýlaşdy. «Prompt-inžiniring sungaty» atly sessiýada bolsa, spiker gerek netijäni almak üçin emeli aňa nähili buýruklary ýazmalydygy barada jikme-jik gürrüň berdi. Şeýlelikde, 22 ugurdaş sessiýa geçirildi. Olarda dizaýn, üstünlikleriň taryhy, oýunlary işläp düzmek, startaplar üçin «Google»-y peýdalanmak barada başga-da, köp zatlar barada gürrüň edildi» diýlip, habarda bellenilýär. Ýeri gelende bellesek, «DevFest 23» festiwaly Aşgabatda ilkinj gezek 2021-nji ýylda geçirilip başlandy. Ilkinji festiwala bary-ýogy 50-ä golaý adam gatnaşan bolsa, şu gezekki çärede bu görkeziji 568 adama çenli ýokarlandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir