20-nji dekabrda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň guramagynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Izmirdäki Kojaeli uniwersitetinde we Ankaradaky Medipol uniwersitetinde geçirilen çäreleriň çäklerinde bu ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti guraldy. Mundan başga-da, türkmen halkynyň bezeg we amaly-haşam sungatynyň sergisi hem guraldy, oňa gatnaşyjylar medeni gymmatlyklar, hususan-da türkmenleriň milli halylary, şaý-sepleri, türkmen aşhanasy hem-de türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir