21-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda umumy bahasy 2 million 405 müň 977 manada we 824 müň 500 amerikan dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB-niň resmi saýtynda habar berildi. Penşenbe günündäki birža söwdalaşyklarynda Özbegistandan gelen işewürler «Türkmennebit» döwlet konserninden «SN-180» kysymly esas ýagyny, Türkiýäniň işewürleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden arassalanmadyk, owradylan, guradylan buýan köki we kök baldaklaryny, ýerli hususy kärhanadan flanel nah matasyny satyn almak barada ylalaşyk baglaşdylar. Türkmen işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserninden «TPP D 30 S» kysymly polipropileni we türkmen el halysyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir