Angolanyň nebit, gaz we mineral serişdeler ministri Diamontinu Azewedu öz ýurdunyň OPEK halkara guramasyndan çykýandygyny yglan etdi. Bu barada Angolanyň «Angop» habarlar gullugyna salgylanyp, TASS habar berdi. Habarda çözgüdiň ýurduň Prezidenti Žoau Lourensuwyň ýolbaşçylygynda geçirilen Ministrler maslahatynda kabul edilendigi aýdylýar. Angola nebit gazyp alýan ýurtlaryň OPEK guramasynyň 2007-nji ýyldan bäri agzasydy, ýurt dünýäde nebit çykarmak boýunça 15-nji orunda durýar. «RIA Nowosti» habarlar gullugy Angolanyň guramadan çykmagynyň nebit gazyp almakda geljek ýyla bellenen paýynyň kemeldilmegi bilen baglydygyny ýazýar. Ýagny ОПЕК+ toparynyň agza döwletleri käbir Afrika döwletleri üçin geljek ýyla bellenen nebit gazyp almak paýlaryna üýtgetmeleri belledi, netijede, Angola üçin öň gije-gündizde 1,11 million barrel bellenen bolsa, indi bu görkeziji 180 müň barrel azaldyldy diýlip, habarda bellenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir