Häzirki zaman dokma toplumynda şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda 111 million 817 müň manatlykdan gowrak önüm öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 189,4 göterime golaý ösüş depgini üpjün edildi. Babadaýhan dokma toplumy tamamlanyp barýan ýyly guwandyryjy netijeler bilen jemleýän köp sanly kärhanalaryň biridir diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, şeýle depginli ösüşleriň gazanylmagynda bu ýerde öndürilýän 31/1, 51/1, 68/1 belgili nah ýüplüklere hem-de 85/1 belgili inçe daralan ýüplüge islegiň artmagy uly goşant boldy. Mundan başga-da, «Mäne» haryt nyşanly düşek toplumlarynyň, ýorgandyr düşek daşlarynyň önümçiligi artdy diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir