Tamamlanyp barýan ýylda dünýäde iň meşhur awiauçuş ugry Singapur bilen Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur arasyndaky gatnaw boldy. Bu barada «MIR 24» ýazýar. Şunda iki tarapa uçarlarda elýeterli bolan orunlaryň sany 4,9 milliona ýetdi, bu 2022-nji ýyldakydan 1,5 esse köpdür. Iki şäheriň arasynda uçuş wagty takmynan bir sagat dowam edýär. Ikinji orunda «Kair – Jidda», üçünji orunda – «Gonkong –Taýbeý» ugurlary ýerleşdi. Bilermenler şeýle-de «Seul – Osaka» we «Seul – Tokio» gatnawlarynda uçarlarda orunlaryň sanynyň artandygyny habar berdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir