Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň çäklerinde «Long Ýunun» söweş sungaty toparynyň ýerine ýetirmeginde Kung Fu boýunça çykyşlar görkezildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Toparyň 12 agzasynyň ýerine ýetirmegindäki çykyşlarda söweş sungatynyň gadymy görnüşiniň düýp manysy balet, häzirki zaman tansy we dramanyň üsti bilen tomaşaçylara ýetirildi. Habarda bellenilişi ýaly, «Long Ýunun» «Aždarhanyň aýdymy» diýen manyny aňladýar. Bu çykyşlaryň maksady tomaşaçylara «Kung Fu» söweşiniň diňe bir özüňi goramagyň usuly bolman, eýsem, özboluşly sungatdygyny hem görkezmekden ybaratdyr. Topar agzalarynyň arasynda 3 ýaşyndan bäri söweş sungatynyň bu görnüşi bilen meşgullanyp gelýänler bolup, şolaryň iň kiçisi 9, iň ulusy bolsa 34 ýaşyndadyr. Myhmanlar ýurtda ilkinji gezek çykyş edýändiklerini aýdyp, saparyň çäklerinde olar Türkmenistanyň Döwlet muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine, gadymy Nusaý galasyna baryp görüpdirler. — Biz saparyň çäginde Türkmenistanyň taryhy, türkmen halylarynyň dokalyşy, gadymy Parfiýa şalygy barada gyzykly maglumatlary öwrendik. Ýurduň bäş welaýatyny alamatlandyrýan haly gölleri diýseň özüne çekiji. Esasan-da, Parfiýa şalygynyň paýtagty Nusaýyň gurluşygy, gadymylygy bizde uly täsir galdyrdy. Türkmenistan taryhda Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygyndaky esasy söwda merkezleriniň bir bolmak bilen, häzirki wagtda-da dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Bu çäre Merkezi Aziýa sebitinde çykyş etmek üçin ajaýyp mümkinçilik boldy — diýip, hytaýly myhman Zhu Ziýi gürrüň berdi. Bu barada habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir