«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Mary gidrogeologiýa ekspedisiýasy ýerasty suwlary gözlemekde Mary, Lebap, Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynda gözleg-barlag we buraw işlerini üstünlikli alyp barýar. Hünärmenler ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde meýilleşdirilen 21 müň 650 pogonometr buraw işlerine derek, 24 müň 135 pogonometr buraw işlerini ýerine ýetirdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, on bir aýa meýilleşdirilen işler 111,4 göterim berjaý edildi. Şol sanda şertnamalaýyn esasda 3 müň 577 pogonometr çuňlukda buraw işleri geçirildi. Bu ugurda Mary, Lebap welaýatlarynda işleriň göwnejaý alnyp barlan ýerleri Baýramalydaky, Täze oba hem-de Nazarym meýdançalaryndaky buraw işleri hasap edilýär. Olarda ýyllyk tabşyryklara artygy bilen hötde gelindi diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir