«Daşoguz» döwlet lomaý-bölek söwda firmasynyň önümçilik bölüminde Täze ýylyň baýramçylyk saçaklary üçin öndürilen azyk önümleriniň uly tapgyry degişli söwda nokatlaryna ugradyldy. Döwrebap tehnologiýalar esasynda taýýarlanylýan bu önümler ýokary hil derejesi, bahasynyň elýeterliligi bilen tapawutlanýar diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu ýerde onlarça görnüşli çörek, süýji-köke we şöhlat önümleri öndürilýär. Esasan, şäher ilatyna söwda hyzmatyny guraýan bu döwlet firmasyna degişli bölümiň işgärleri 2023-nji ýylyň on bir aýynda önümçiligiň ähli ugurlary boýunça oňat netijeleri gazanyp, göz öňünde tutulan meýilnamany üstünlikli berjaý etdiler. Degişli döwrüň dowamynda döwlet firmasy boýunça 33 tonna şöhlat önümleri, süýji-kökeleriň hem 43 tonnasy öndürilip, şäher ilatyna ýerlenildi. Önümçilik ulgamlaryna innowasion tehnologiýalaryň, iň kämil enjamlaryň ornaşdyrylmagy, işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyklykda göwnejaý guralmagy netijesinde, kärhanada öndürilýän önümleriň mukdary we görnüşleri artyp, hili has-da ýokarlandy. Geçen on bir aýda döwlet firmasynda taýýarlanylan azyk önümleri pul mukdarynda 3 million manada golaý boldy diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir