23 ýaşly goragçy Roman Galkin Türkmenistanyň kubogynyň ýarymfinalynyň jogap duşuşygynda «Arkadag» toparyndaky ilkinji goluny geçirdi. Bu duşuşykda «Arkadag» toparynyň «Altyn asyry» 4:0 hasabynda utup, iki duşuşygyň netijesi boýunça 8:1 hasabynda finala çykandygyny ýatladýarys. Şeýlelikde, Roman Galkin döwlet ähmiýetli şäheriň toparynyň düzüminde resmi duşuşyklarda tapawutlanan 20-nji futbolçy boldy. Toparyň ilkinji 20 golçulyk sanawynyň döremegi üçin 29 duşuşyk gerek boldy. Sanawyň başyny 35 gol bilen tejribeli hüjümçi Didar Durdyýew çekýär. Ikinji orundaky Begmyrat Baýow ondan 22 gol yzda. Ilkinji üçlügi 9 bilen Şanazar Tirkişow jemleýär. Şeýle hem toparyň resmi duşuşyklarynda 6, 5, 4, 3, we 2 gol geçiren futbolçylaryň her haýsyndan ikisi bar. Ýedi futbolçy bolsa bir gezek tapawutlandy. Bularyň ählisi jemlenip, Türkmenistanyň çempionatynda we Kubok ýaryşynda derwezelere jemi 105 gol geçirdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir