Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» köp ugurly döwlet kärhanasy tokarçylyk-frezerleýiş hem-de demirçilik işleri boýunça giň gerimli hyzmatlary hödürleýär. Tokarçylyk-frezerleýiş işinde misden, bürünçden, latundan, alýuminiýden, instrumentlik we poslamaýan polatdan dürli önümler öndürilýär. Bu materiallary işe taýýarlamaga bolsa döwrebap demirçilik enjamlary kömek edýär. Şeýlelikde, önümçilik işinde metal 900-1050 gradusa çenli gyzdyrylýar we ol ýumşak hem-de gaýtadan işlemek üçin amatly bolýar. Kärhanada metal bilen işler iki usulda amala aşyrylýar – galypda öndürmek usuly (ştampowka), bu usulda galyp demir bilen doldurýar we zerur bolan şekile eýe bolýar, şeýle hem erkin ýençme usuly, bu usulda ýörite tekiz çekiçleriň urgusy bilen islenilýän şekil alynýar. Şeýle hem kärhananyň hünärmenleri demri dartmak, egmek, basmak, kesmek, deşikleri açmak we kebşirlemek ýaly işleri ýerine ýetirýärler. Döwrebap enjamlar daşarky we içki silindr hem-de konus ýüzlerini ýokary takyklyk bilen işlemäge, nagyş çekmäge, jaýryklary we oýuklary doldurmaga, gatlary birleşdirmäge, dürli burçlarda deşikleri deşmäge, germäge, şekilli ýüzleri gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. «Nebitmaş» DK kuwwatly önümçilik binýadyna we ýokary hünär derejeli işgärlere eýe bolmak bilen, ýerine ýetirilen ähli işleriň hem-de öndürilen önümleriň ýokary hilini kepillendirýär. «Nebitmaş» DK-nyň habarlaşmak üçin maglumatlary: salgysy: Aşgabat, 2008-nji (N.Pomma) köç., 6-njy jaý; telefonlar: (+993 65) 69 91 64, (+993 12) 76 02 43, 76 03 69; faks: (+993 12) 76 02 25. Şeýle-de okaň: «Nebitmaş» döwlet kärhanasy önümçilik pudagynyň işgärleri üçin iş lybasyny öndürýär «Nebitmaş» DK içerki elektrotehniki bazar üçin dürli modifikasiýaly liniýa-zynjyr armaturalary hödürleýär

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir