Russiýanyň «S7» awiakompaniýasynyň gatnawlary üçin petekler Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde satuwa çykaryldy. Petekleri Türkmenbaşynyň halkara howa menziliniň kassasyndan we «Türkmenistan» howa ýollarynyň Balkanabat şäheriniň awtomenzilinde ýerleşýän satuw ofisinden satyn alyp bilersiňiz. Degişli satuw nokatlarynda Moskwa — Aşgabat — Moskwa we beýleki gatnaw ugurlary üçin petekler satylýar. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 243) 3-00-23 (Türkmenbaşy şäheri); (+993 222) 7-09-60 (Balkanabat şäheri). Şeýle-de okaň: «Türkmenhowaýollary» agentligi daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçuşlary üçin petek satuwyny amala aşyrýar

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir