Täze ýylyň öňüsyrasynda daş-töweregi baýramçylyk şatlygy gurşap alýar, hemmeler sowgat satyn almaga, baýramçylyga taýýarlanmaga we baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga howlukýarlar. Şunuň bilen baglylykda, şu hepde Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna we paýtagtyň myhmanlaryna nähili gyzykly wakalaryň garaşýandygyny ýatladýarys: 19-njy dekabrda sagat 18:30-da Aşgabatda Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň kiçi zalynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň «Apologiýa wariasiý» atly konserti bolar; 23-nji dekabrda ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli kitap ýarmarkasy geçiriler. Bu ýere girmek üçin öňünden hasaba alynmak zerur bolup durýar. 24-nji dekabrda sagat 19:00-da A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda Aleksandr Ostrowskiniň pýesasy esasynda «Möjekler we Goýunlar» oýny görkeziler; 23-nji we 24-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde Aşgabat simfoniki orkestriniň Täze ýyl konserti bolar. Hemmäňize Täze ýyl baýramyny şatlykly garşylamagy arzuw edýäris!

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir