Howanyň üýtgemegi dünýäde gülgün öwüsýän kölleriň sanynyň artmagyna getirip biler diýip, «24KZ» ýazýar. Awstraliýaly alymlar şeýle netijä geldiler. Olaryň sözlerine görä, uzaga çekýän guraklyklar netijesinde, kölleriň suwy barha ajar. Bu bolsa, öz gezeginde özboluşly ekoulgamyň pida bolmagyna getirer. Şol sanda öz adaty ugurlary boýunça uçýan göçegçi guşlaryň hem ejir çekmegi mümkin. Her ýyl günbatar Awstraliýadaky açyk gülgün reňkli köller sebite millionlarça jahankeşdäni çekýär.