Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Abdel Fattah El-Sisä Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. "Biz Türkmenistan bilen Müsür Arap Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris we bu gatnaşyklaryň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýäris" diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, mümkinçilikden peýdalanyp, Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah El-Sisä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we täze başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir