«Mançester Sitiniň» futbolçylary Saud Arabystanynda geçirilýän dünýäniň klublaýyn çempionatynyň ýarym finalynda Ýaponiýanyň «Urawa Red Daýmonds» toparyny 3:0 hasabynda ýeňip, finala çykdylar. Ýeňiji toparyň gollaryny 52-nji minutda Mateo Kowaçiç, 59-njy minutda Bernardu Silwa geçirdi. Şeýle hem birinji ýarymyň ahyrky sekuntlarynda (45+1) ýapon toparynyň goragçysy Marius Heýbroten öz derwezesine pökgi geçirdi. «Mançester Siti» final duşuşygyny şu hepdäniň duşenbe güni Müsüriň «Al-Ahlisini» 2:0 hasabynda ýeňen Braziliýanyň «Flumenensesi» bilen geçirer. Final duşuşygy 22-nji dekabrda bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir