ABŞ-da Tehas ştatyndan bolan 90 ýaşly zenan uniwersitetde magistr derejesini aldy diýip, «UPI» habarlar gullugyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär. Minni Peýn diýilýän zenan 1950-nji ýylda orta mekdebi tamamlandan soňra biraz wagt kollejde okapdyr, soň okuwyny taşlapdyr. 68 ýaşynda pensiýa çykanda, okuwyny dowam edesi gelipdir. Ol Tehasyň zenanlar uniwersitetine okuwa girip, žurnalistika boýunça bilim alypdyr. «Men hemişe-de ýazmagy halaýardym, meniň has-da kämilleşesim geldi» diýip, Peýn gürrüň berýär. Minni ýokary bilim barada diplom alypdyr, emma bu onuň üçin az görnüpdir, 90 ýaşynda ol sosial barlaglar ugrundan magistr derejesini gorapdyr. Pensioner ene okuwyny dowam etdirmekçidigini aýdýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir