«NG Kutahya» santehnika we gurluşyk materiallarynyň dükanynda dürli öndürijileriň keramika granitden öndüren pol we diwar örtükleriniň giň görnüşleri alyjylara ýetirilýär. Bu ýerde satylýan materiallaryň tapawutly aýratynlygy — olaryň hil ülňülerine we ekologiýanyň üpjün edilmegine laýyk gelýändigi bilen baglydyr. Dükanda hödürlenýän wannalar we hajathanalary abadanlaşdyrmak üçin niýetlenen syrçaly hem ýalpyldawuk, tebigy daşlaryň we beýleki görnüşleriň şekilleri bolan uly göwrümli keramika granit plitalary alyjylaryň ünsüni çekýär. Şeýle plitalaryň ölçegi dürli-dürli bolup, 60x120 sm-den 160x320 sm çenlidir. Pol we diwar plitalarynyň uly ölçegleri bolsa otagy kiçi plitalardan tapawutlylykda, has tiz abatlap tamamlamaga, nagyşlaryň we şekilleriň köp görnüşleriniň bolmagy hem interýeri islendik stilde bezemäge mümkinçilik berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir