Aşgabatdaky «Hilli» yşyklandyryş enjamlarynyň dükanlary hödürleýän harytlarynyň görnüşleriniň artandygyny habar berdiler. BAE-niň meşhur haryt nyşanlarynyň polda goýulýan çyralaryň, lýustralaryň, spot çyralarynyň, öý we ofis üçin niýetlenen diwar çyralarynyň (bra) täze görnüşleri gelip gowuşdy. Şeýle hem jaýlaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak üçin niýetlenen yşyklandyryş enjamlarynyň hataryna howlynyň hakyky bezegine öwrüljek täze önümler goşuldy. «Hilli» dükanlarynda lýustralar hem-de çyralar dürli görnüşleri we bezeg aýratynlyklary, şekilleri we modelleri, reňkleri we öwüşginleri, ululyklary we niýetlenilişi bilen haýran galdyrýar. «Biziň geňeşçilerimiz diňe bir yşyklandyryş wezipesini ýerine ýetirmän, eýsem, otaga estetiki taýdan bezeg berjek enjamy saýlamaga kömek ederler» diýip, dükanyň belledi. «Hilli» hödürlenýän yşyklandyryş enjamlarynyň hilini we ygtybarlylygyny kepillendirýär. Ähli önümlere 2 ýyldan 3 ýyla çenli kepillik berilýär. Şeýle hem dükanlar Aşgabadyň içine mugt eltip bermek hyzmatyny guraýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir