Täze ýylyň öňüsyrasy — her birimiziň işlerimiziň başymyzdan agdyk bolýan döwri. Ähli işlerimizi baýram gününe çenli dynmak isleýäris, ýakynlarymyza sowgat alyp, baýramçylyga taýýarlyk görmek bilen, üstesine dynç hem almaga ýetişjek bolýarys. Bu aljyraňňylyga salýan ýagdaýdan baş alyp çykyp bolar, nädip bu zatlara ýetişip bolar? Täze ýylyň öň ýanynda adatça ýüze çykýan başagaýlykdan dynmak babatda şu maslahatlara eýermek bolar: Işleriň sanawyny düzüň. Bu ilkinji we iň möhüm ädim. Etmeli diýýän işleriňizi kagyz ýüzüne geçireniňizden soň, ilki bilen näme etmeli, näme goýmaly... doly aýdyň bolar. Iň esasy işe ähmiýet beriň. Ähli işler deň derejede möhüm däldir. Haýsy işiň has derwaýysdygyny, birinji bilen ýerine ýetirmelidigini, haýsylaryny bolsa soňa goýup boljakdygyny kesgitläň. Möhlet goýuň. Her bir iş üçin ýerine ýetirmäge anyk bir kesgitli möhlet goýuň. Bu size işleri uzaga çekdirmän dynmaga mümkinçilik berer. Uly işleri böleklere bölüň. Eger öňde duran işler has kyn ýaly görünýän bolsa, ony tapgyrma-tapgyr, bölekleýin ýerine ýetirmäge çalşyň. Iň kyn işleri säher bilen edip dynyň. Mark Tweniň aýdyşy ýaly, ir säher bilen gurbaga iýen bolaýanyňda-da, galan uzakly gün saňa diňe gowulyklar garaşýar, gurbaga iýenden beter bolmajagy düşnükli. Şonuň üçinem iň kyn işleri günüň birinji ýarymynda amal etjek boluň. Kömek soramakdan çekinmäň. Işleriňizi özbaşdak ýerine ýetirmek mümkin däldir diýseňiz, ýakynlaryňyzdan ýa dost-ýarlaryňyzdan ýardama garaşmaga çekinmäň. Siziňem olara peýdaňyz degýändir. Dynç almagy hem unutmaň. Täze ýylyň bosagasynda ýyl ahyrlanmanka dynmagy möhüm işler dag ýaly bolup duranda-da, dynç almak üçin wagt aýrylmasa bolmaz. Şeýle etseňiz gujur-gaýratyňyzy tygşytlarsyňyz, güýç toplarsyňyz. Islendik işiň başyna uly ynam bilen baryň. Özüňizi diňe hyjuwlandyryjy pikirler bilen gurşaň, ruhdan düşmek barada pikir hem etmäň. Şu hili maslahatlara eýermek bilen, ähli işleriňizi Täze ýyla çenli dynsaňyz gerek. Onsoň diňe geljek ýyly şatlyk-şowhunda garşylaýmak galýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir