Hytaý yzyna gaýdyp gelýän eksperimental howa-kosmos uçuş enjamyny üstünlikli uçurdy. Bu barada Sinhua agentligi habar berýär. Onuň maglumatlaryna görä, CZ-2F raketasy kosmoplany orbita eltdi. Uçuryş ýurduň demirgazygyndaky Szýusýuan kosmodromyndan amala aşyryldy. Enjam belli bir wagtyň dowamynda orbitada bolar. Onuň wezipeleriniň biri köp gezeklik uçuryş tehnologiýasynyň synagyny we parahatçylykly maksatlar bilen ylmy tejribeleri geçirmekden ybarat. Hytaý eýýäm üçünji gezek kosmoplan uçurýar. Birinji uçuryş 2020-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda amala aşyryldy we bir gije-gündizden soň enjam Ýere gaýdyp geldi. Ikinjisi 2022-nji ýylyň 4-nji awgustynda bolup geçdi, bu orbital uçuş 2023-nji ýylyň 8-nji maýyna çenli dowam etdi, şondan soň enjam yzyna gaýdyp geldi. CZ-2F iki basgançakly raketa bolup, suwuk ýangyçda işleýär. Onuň uzynlygy 52 m we ol Ýeriň pes orbitasyna 8,6 tonna çenli peýdaly ýük çykarmaga ukyplydyr.