Toyota-nyň käbir modelleri Ýaponiýada sargyt etmek üçin wagtlaýyn elýeterli däl. Önümçilik bar bolan sargytlaryndan takmynan bir million awtoulag yza galýar. Bu mesele COVID-19 pandemiýasyndan bäri dowam edip gelýär diýip, Nikkei ýazýar. Hususan-da, güýzüň dowamynda gibrid hetçbek Aqua, Land Cruiser 300 SUV we Alphard miniweni saklanyş sanawynda boldy. Ýerli söwda dellallary satuwyň diňe aprel bilen oktýabr aralygynda iki aý ýokary bolandygyny bellediler. Häzirki wagtda awtoulaglaryň üpjünçiliginiň kemelmeginden başga-da, öňünden sargyt etmegiň fiziki mümkinçiligi hem ýok. Üpjünçiligiň sargytlaryň sanyndan yza galmaklygy kowid çäklendirmeleri döwüründe başlandy. Soň ýarymgeçirijiler ýetmezçilik etdi. Toyota ähli modelleri üçin sargyt almagy dowam etdirdi we mesele hasam ýaramazlaşdi. Käbir maglumatlara görä, ol indi millionlap awtoulagda hasaplanýar. Meseläniň sebäplerinden biri Ýaponiýada satyş tertibiniň üýtgemegi boldy. Ýaňy-ýakynda-da Toyota-da söwda dellallarynyň dört kategoriýasy bardy, olaryň hersi bir modele ünsi jemleýärdi. Indi bolsa islendik Toyota-ny islendik awtoulag salonynda sargyt edip bolýar. Bu iň meşhur wersiýalara islegiň artmagyna sebäp boldy. Ýagdaý gowulaşýar, ýöne juda haýal. Eger 2022-nji ýylyň ahyrynda ortaça eltiş wagty alty aý bolan bolsa, indi bäş aý. Ähli zat gowy bolsa, ýazda bu wagtyň dört aýa çenli gysgalmagyna garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir