Ilon Maskyň öňki aýaly aýdymçy Graýms Curio startapy we OpenAI-niň goldawy bilen ChatGPT-li çaga oýunjaklaryny hödürledi. Häzirlikçe oýunjaklaryň üç modeli bar: Gabbo, Grem we Grok. Olaryň her biriniň öz “häsiýeti” we sesi bar. Oýunjaklaryň üçüsine-de Graýmsyň özi ses berdi. Has dogrusy, ol ýazgylaryň esasynda oýunjaklara ses berýän emeli aň üçin öz sesini ýazdy. ABŞ-da birnäçe ýyl mundan ozal akylly kolonkalar giňden ýaýrady we Internetde kiçijik çagalaryň şeýle gurluşlar bilen ol ýa-da beýleki bir usulda aragatnaşyga girýändigi barada köp sanly gyzykly wideolary tapmak bolýar. Oýunjaklar meselesinde şeýle aragatnaşyk çaga üçin has gerimli we şahsy bolar. Oýunjaklar Wi-Fi we Bluetooth modullary, mikrofon, akselerometr, dinamika bilen üpjün edilendir we smartfonlar bilen baglanyşyp bilýärler. Bu hem ene-atalara oýunjaklaryň özüni alyp barşyny sazlamaga we zerur bolan ýagdaýynda oýunjaklaryň çaga bilen gürrüňleriniň taryhyny görmäge mümkinçilik berýär. Graýms şeýle oýunjaklaryň çagalara döwrebap gajetlerden ünsi sowmaga kömek etjekdigini belleýär. Mundan başga-da, çat-botlaryň häzirki mümkinçilikleri şeýle oýunjaklary kiçijik çagalar üçin hakyky dostlara öwürmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de bolsa, taslamanyň awtorlary häzirlikçe munuň beta-synagdygyny, şonuň üçin şeýle oýunjaklary häzirkizaman emeli aňynyň nähili işleýändigine we onuň nähili aýratynlyklarynyň bardygyna düşünip satyn almalydygyny duýdurýarlar. Görnüşi ýaly, bu ýagdaýda emeli aň gallýusinasiýasy, ýagny emeli aňyň ýok maglumatlary “oýlap tapyp” biljekdigi göz öňünde tutulýan bolmaly. Oýunjaklary eýýäm her biri 100 dollar baha bilen sargyt etmek bolýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir