Google kompaniýasy Chrome brauzerinde üçünji taraplaryň ulanyjylaryň cookie faýllaryna elýeterliligini çäklendirjek täze funksiýany synagdan geçirip başlandygyny habar berdi. Bu barada Google-yň resmi blogunda habar berilýär. Cookie web-saýtlara we mahabat berijilere aýry-aýry internet ulanyjylaryny kesgitlemäge we onuň haýsy sahypalara girmegi makul bilýändigini yzarlamaga mümkinçilik berýän ýörite faýllardyr. Geljekde bu maglumatlar diňe maksatly mahabatlary sazlamak üçin ulanylyp bilner. Kompaniýa 2024-nji ýylyň 4-nji ýanwaryndan dünýädäki Chrome ulanyjylarynyň tötänleýin saýlanan 1%-i üçin “Yzarlamakdan gorag” atly opsiýany girizmekçi bolýar. “Eger saýt üçünji tarap cookie faýllary bolmazdan işlemese we Chrome sizde näsazlyk ýüze çykandygyny bilse (mysal üçin, eger siz sahypany birnäçe gezek täzeleseňiz), biz bu web-saýt üçin üçünji tarap cookie faýllaryny wagtlaýyn işe girizmek mümkinçiligini hödürläris” – diýlip, habarda aýdylýar. Kompaniýa geljek ýylyň ikinji ýarymyndan üçünji tarap cookie faýllaryny düýbünden aýyrmagy meýilleşdirýär.