Halkara futbol federasiýasy (FIFA) ýylyň iň owadan goly üçin gowşurylýan Ferens Puşkaş adyndaky baýraga dalaşgär üç oýunçynyň adyny yglan etdi. Bu barada guramanyň resmi web sahypasynda habar berilýär. 2023-nji ýylyň jemleri boýunça bu baýraga «Braýtonda» çykyş edýän paragwaýly Hulio Ensiso we onuň 24-nji maýda Angliýanyň çempionatynda «Mançester Sitiniň» derwezesine geçiren pökgüsi, Braziliýanyň «Seriýa B» çempionatynda 27-nji iýunda «Noworizontino» bilen geçirilen oýunda tapawutlanan braziliýaly futbolçy Gilýerme Madruga («Botafogo Ribeýran-Pretu») hem-de Portugaliýanyň çempionatynda 12-nji martda «Boawista» bilen oýunda pökgini derwezä girizmegi başaran «Sporting» toparynyň portugaliýaly oýunçysy Nunu Santuş dalaşgärlik edýärler. Ýeňijiniň ady 2024-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Londonda geçiriljek dabarada yglan ediler. Bu baýragyň häzirki eýesi amputasiýaly türgenleriň milli çempionatyndaky oýunda üstaşyr urgy bilen pökgini derwezä salmagy başaran polşaly amputant futbolçy Marsin Oleksiýdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir