Emin Rebekka Welş Angliýanyň Premýer-liga (APL) futbol çempionatynyň taryhynda duşuşygyň baş emini wezipesine bellenen ilkinji zenan hünärmen boldy. Bu barada RIA Nowosti APL-iň resmi web sahypasyna salgylanyp habar berýär. Welş 23-nji dekabrda Angliýanyň paýtagtyndaky «Kreýwen Kottej» stadionynda geçiriljek 18-nji tapgyryň çäklerindäki Londonyň «Fulhem» topary bilen «Bernli» toparynyň arasyndaky duşuşyga emin hökmünde bellenildi. Welş eminlik karýerasyna 2010-njy ýylda başlady we 2021-nji ýylda Angliýanyň futbol ligasynyň (AFL) oýnuna eminlik eden ilkinji zenan boldy. Ol şonda Liga 2-niň çäklerinde «Harrogeýt Taun» bilen «Port Weýl» toparlarynyň oýnuna eminlik edipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir