«Barbi» filminiň režissýory Greta Gerwig 77-nji Kann kinofestiwalynyň emin agzalarynyň başlyklygyna bellenildi diýip, gazeta.ru habar berýär. Kinematografçy zenanyň dünýädäki esasy film festiwallarynyň biriniň emin agzalaryna ýolbaşçylyk etjek ilkinji amerikan zenan režissýor bolandygy bellenilýär. Şeýle hem 40 ýaşly Gerwig Kann kinofestiwalynyň emin agzalarynyň 1966-njy ýyldan bäri iň ýaş başlygy bolar – şol ýylda 31 ýaşly aktrisa Sofi Loren emin agzalaryna ýolbaşçylyk edipdi. Geljek ýyl Kann kinofestiwaly 14 – 25-nji maý aralygynda geçiriler. «Men filmleri: olary surata düşürmegi, tomaşa etmegi we olar hakda gürleşmegi gowy görýärin. Sinefiller (kinosöýüjiler) üçin Kann hemişe-de kinonyň ähliumumy diliniň bolup biläýjek iň ýokary nokady bolupdy we şeýle bolmagynda galýar» diýip, Gerwig belledi hem-de özüniň bu wezipä bellenendigine geň galandygyny we tolgunýandygyny aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir