Gonkong uniwersitetiniň lukmanlary dünýäde ilkinji bolup bagryň rak keseli bilen kesellän adamy halas etdiler. Bu barada ýerli Standard gazeti habar berdi. Onuň berýän habaryna görä, bu erkek adama 2022-nji ýylyň noýabr aýynda bagryň rak keseliniň soňky, dördünji derejesi diýen kesel kesgidi goýuldy. Onuň bagryndan 18,2 sm ölçegdäki çiş tapyldy we metastazlar eýýäm ýakyn wena damarlaryna aralaşan eken. Mundan başga-da, ýiti sirroz sebäpli oňa hassahana yzygiderli baryp durmak tabşyrylypdyr. Ilki bilen lukmanlar çişiň biraz gaýdyp, operasiýa amatly ululykda bolmagy üçin alty aýlap bejergi geçirdiler, soň bolsa wena damarlarynda dörän gan uýamalarynyň öňüni aldylar. Awgust aýynda oglunyň bagrynyň bir bölegini oňa üstünlikli geçirdiler. Lukmançylyk edarasynda uzak wagtlap gözegçilik edilenden soň, hassa keselhanadan çykaryldy: onda häzirki wagtda-da birinji derejä degişli 1,5 sm ölçegdäki çiş bar, şol bir wagtyň özünde analizleri täze rak öýjükleriniň emele gelmeýändigini görkezýär. Bu çişi gaýtarmak we transplantasiýa etmek arkaly bagryň soňky derejeli rak keselini üstünlikli bejermekde dünýäde ilkinji waka boldy. Lukmanlaryň bellemegine görä, şuňa meňzeş kesel kesgidi bolan 100 näsag häzirki wagtda bejergi alýar; bejerginiň netijesinde olaryň 40%-de rak öýjükleriniň doly ölendigi hasaba alyndy we häzirki wagtda hassalaryň 10% -den gowragy bagyr transplantasiýasyny geçirip biler. Lukmanlar indi bejergini ýönekeýleşdirýärler we Gonkongyň hökümetinden has köpräk hassada bejergini synap görmäge mümkinçilik berýän zerur dermanlary edinmek üçin subsidiýa almaga çalyşýarlar.