Ispaniýanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy ilkinji gezek FIFA-nyň sanawynda birinji orny eýeledi. Bu barada guramanyň resmi web sahypasynda habar berilýär. Sanawyň öňki lideri bolan Şwesiýanyň zenanlar ýygyndysy dört orun ýitirip, bäşinji orna düşdi. Amerikalylar ikinji, fransuzlar üçünji orna çykdylar. FIFA-nyň Zenanlar ýygyndylarynyň sanawy, 15-nji dekabrdaky wersiýasy: (2). Ispaniýa – 2066.05 bal; (3). ABŞ – 2045.12; (5). Fransiýa – 2021.69; (4). Angliýa – 2014.19; (1). Şwesiýa – 1998.09; (6). Germaniýa – 1987.25; (7). Niderlandlar – 1986.84; (8). Ýaponiýa – 1978.01; (9). KHDR – 1950.87; (10). Kanada – 1948.58 ...

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir