Russiýanyň iň iri ulag we logistika kompaniýalarynyň biri bolan FESKO we “Özbek demir ýollary” paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň üsti bilen Türkiýä, Afrika we Ortaýer deňzi ýurtlaryna täze üstaşyr ugurlar boýunça bilelikdäki işe başlamak barada ylalaşdylar. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” gullugynyň resmi web sahypasy habar berdi. Ylalaşyk FESCO ulag toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Andreý Sewerilow bilen “Özbek demir ýollary” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary Abdumalik Kamiljanowyň we “Uzželdorkonteýner” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Akmal Kamalowyň arasynda Daşkentde bolan duşuşygyň netijesinde gazanyldy. “Uztemiryulkonteýner”-iň “Özbek demir ýollarynyň” düzümine girýändigini bellemelidiris. Daşaýyşlar amala aşyrylanda FESCO-nyň intermodal hyzmatlary ulanylar. Taraplar Daşkent bilen Moskwanyň arasynda göni konteýner aragatnaşygyny ýola goýmak barada hem ylalaşdylar. FESCO-nyň port, demirýol we toplumlaýyn logistika çygrynda aktiwleri bar. Kompaniýa ýükleri öýme-öý eltip biler we intermodal ulag zynjyrynyň ähli basgançaklaryna gözegçilik edip biler. 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda FESCO Merkezi Aziýa sebitinde logistika hyzmatlaryny ösdürmek üçin Özbegistanda FESCO TURAN golçur kärhanasyny açdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir