Kuweýtiň mirasdüşer şazadasy Şeýh Mişal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah şenbe güni aradan çykan şeýh Nawaf al-Ahmed al-Jaber as-Sabahyň ýerine täze emir diýlip yglan edildi. Degişli beýanat Kuweýtiň telewideniýesinde hökümetiň başlygynyň orunbasary, kabinet boýunça döwlet ministri Issa al-Kandari tarapyndan yglan edildi. Kuweýtiň konstitusiýasyna laýyklykda, emir ýogalandan soň tagt awtomatiki ýagdaýda mirasdüşer şazada geçýär, ýöne ol diňe Milli Mejlisde (bir palataly) kasam kabul edeninden soň häkimiýet başyna geçip biler. Täze emiriň mirasdüşer bellemek üçin bir ýyl möhleti bar. Şeýh Nawaf 86 ýaşynda aradan çykdy. 29-njy noýabrda Emiriň Döwlet sekretary Muhammet Abdalla al-Mubarak as-Sabah monarhyň keselhana ýerleşdirilendigini habar berdi. Ministriň beýanyna görä, Şeýh Nawafyň ýagdaýy kadalydy we oňa zerur lukmançylyk kömegi berilýärdi.