Täze ýylyň ýakymly pursatlarynyň biri hem sowgat alşyp-berişmek. Şol bir wagtda ýakynlarymyzyň göwnünden turaýjak sowgady tapmak hemişe aňsat däl. Altınyıldız brendiniň Aşgabatdaky resmi dükany bu meseläniň oňyn çözgüdini hödürleýär. Dükanda ähli harytlar 70%-e çenli arzanladyldy. Dükanda erkekler üçin klassik hem gündelik egin-eşikleriň, gyş eşikleriniň dürli görnüşleri bar. Ýan-ýoldaşyňyz, erkek jigiňiz, kakaňyz, dostlaryňyz üçin ýatdan çykmajak sowgady amatly bahadan almak mümkinçiligini sypdyrmaň! 1952-nji ýylda Türkiýede esaslandyrylan Altınyıldız söwda markasy bu günki gün hem dünýä modasynda öňdebaryjy orunlaryny saklap galýar. Ilkibaşdan ýokary hilli dokma matalaryny öndürmäge ýöriteleşen Altınyıldız brendi häzirki wagtda bu ugurda ägirt uly tejribe toplady. Bu günki gün dünýä belli beýleki brendler önümleri üçin Altınyıldız-dan dokma matalaryny satyn alýarlar. Altınyıldız brendiniň Türkmenistanyň çäginde resmi dükany «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 2-nji gatynda ýerleşýär. Tölegler nagt hem nagt däl görnüşde kabul edilýär. Eltip bermek hyzmaty tutuş Türkmenistanyň çäginde elýeterlidir. Altinyildiz brendiniň egin-eşiklerini Asmanshop onlaýn söwda platformasyndan öýde oturan ýeriňden hem sargyt edip bolýar. Saýt: asmanexpress.com Salgysy: «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi, 2-gat, Altinyildiz dükany; «Paýtagt» bazary (Mir bazary) Telefonlar: +99364751307; +99361644059 Instagram: @altinyildiz_turkmenistan

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir