Awstraliýanyň Sidneý uniwersitetiniň fiziki işjeňlik we ilatyň saglygy boýunça gözlegçisi Emmanuel Stamatakis günüň dowamynda 10 sagat oturyp işlemegiň saglyga ýetirýän ýaramaz täsirlerine garşy durmak üçin günde 30-40 minutlyk fiziki işjeňligiň ýeterlikdigini görkezdi. Şeýlelikde, hatda dik durmak ýa-da islendik mukdarda maşk etmek hiç hili mask etmezlikden gowudyr. Gözlegçiler fitnes-treker geýen jemi 44 370 adamyň gatnaşmagynda geçirilen dokuz sany derňewi seljerdi. Netijeleriň seljermesi hereketsiz durmuş ýörelgesini alyp barýanlaryň arasynda fiziki işjeňligiň azalmagy bilen irki ölüm howpunyň ýokarlanýandygyny görkezdi. Munuň tersine, 30-40 minutlyk orta ýa-da güýçli intensiwlikdäki maşklary bilen günüň dowamynda oturyp işlenilýän işleriň öwezini dolýan işjeň adamlaryň hereketsiz durmuşy bilen ölüm howpunyň arasynda hiç hili baglanyşyk ýok. Başgaça aýdylanda, welosiped sürmek, çalt ýöremek ýa-da bagbançylyk ýaly fiziki maşklar bilen meşgullanmak ömrüň dowamlylygyny adaty durmuş ýörelgesindäki we günüň dowamynda ortaça hereket edeniňdäki bilen deňleşdirýär. Bu gözlegiň netijeleri BSGG-niň 2020-nji ýyldaky görkezmelerine laýyk gelýär, onda az hereketli durmuş ýörelgesine garşy göreşmek üçin her hepde 150-300 minudyň dowamynda aram intensiwlikdäki fiziki işjeňlik ýa-da hepdede 75-150 minut güýçli işjeňlik gerek diýip maslahat berilýär - bu sanlar bir hepdelik maşklaryň jemidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir