Hytaýyň Nanking uniwersitetiniň inženerler we himikler topary daşarky şertlere baglylykda, bedeniň temperaturasyny termoregulirläp bilýän meta matany döretdiler. Täze material ýörite mikrosüýümlerde ýerleşdirilen ýyladyş elementleri bolan çeýe organiki fotoelektrik modulyna esaslanýar. Süýüm ýylylygyň ýaýramagyny çaltlaşdyryp, geýimi sowadýar, modul bolsa Gün energiýasy arkaly elektrokaloriki täsir bilen ony gyzdyryp bilýär. Geçirilen synaglar daşky gurşawyň temperaturasy 12,5°C bilen 37,6°C aralygynda üýtgände, meta matadan taýýarlanan geýimiň 32°C bilen 36°C aralygynda durnukly temperaturany saklamaga ukyplydygyny görkezdi. Täze tehnologiýany döredijiler bu materialyň öňki taslamalar bilen deňeşdirilende, has amatly we köpugurly geýimleri taýýarlamaga mümkinçilik berýändigini bellediler. Öňki taslamalarda temperaturany kadalaşdyrmak meselesini çözmek üçin ýyladyjy ýa-da sowadyjy elementler goşulýardy. Bu önümleriň köpüsi giňden ulanmak üçin örän amatsyzdyr.