«Audi» kompaniýasy «V10» kysymly benzinli hereketlendirijisi bolan «R8» sport awtoulagynyň önümçiliginiň tamamlanmagynyň öňüsyrasynda bu awtoulagyň ýapon bazary üçin niýetlenen çäkli nusgalaryny çykardy diýip, gazeta.ru habar berýär. Hoşlaşyk nusgalary 8 awtoulagdan ybarat bolar. Çäkli nesle degişli awtoulaglar öçügsi (matowyý) ak reňkde çykarylar we içinde gyzyl tormoz supportlary görünýän bürünç reňkli 20 sany çişli teker diskleri bilen üpjün ediler. Gyzyl, ak we altynsow reňkleriň utgaşmasy Ýaponiýada meşhurdyr. Aýnalar, öňdäki spoýler, yzky ganat we diffuzor uglerod süýüminden ýasalandyr. Oturgyçlar ak zolakly gara deriden tikilen, potology we bagažnigi örtmek üçin bolsa emeli zamşa materialy – alkantara peýdalanyldy. Gapylaryň aşagynda bolsa «Japan Final Edition» ýazgysy ýerleşdirildi. Ýapon bazary üçin niýetlenen «Audi R8» ulagynyň hoşlaşyk wersiýasy 5,2 litr göwrümli we 612 at güýji kuwwaty bolan «V10» kysymly atmosfera hereketlendirijileri bilen enjamlaşdyrylandyr. Motor 7 basgançakly S-tronik awtomat ulgam bilen işleýär. Awtoulagyň bahasy 35 million ýen (246 müň dollar).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir