«General Motors» konserni «Chevrolet Camaro» ulagynyň önümçiligini togtatdy. Ulagyň altynjy nesline degişli modeliniň soňky nusgasy şu hepde konweýerden çykdy. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi. «Camaro» bütin dünýäde köp sanly janköýerleriň söýgüsini gazandy we birnäçe nesilleriň dowamynda adamlar ony satyn almak üçin «Chevrolet-iň» dilerlerine geldiler. Esasanam altynjy nesil ýolda özüňe bolan ynamy we öňdebaryjylygy şöhlelendirmek bilen, atletizmi we sowukganlylygy alamatlandyrýardy» diýlip, kompaniýanyň habarynda bellenilýär. «GM» konserni «Camaro-nyň» önümçiliginiň şu hepde tamamlanandygyny tassyklady. Şeýle-de bolsa, awtoulag öndürijisi bu awtoulagyň iň soňky nusgasy barada hiç hili maglumat bermedi we entek bu waka barada metbugat beýanatyny çap etmedi. «Chevrolet» 2023-nji ýylyň martynda «Camaro-nyň» önümçiliginiň bes ediljekdigini we altynjy nesil modeliniň mirasdüşeriniň ýokdugyny resmi taýdan yglan edipdi. Munuň şu ýylda däl-de, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda boljakdygy çak edilýärdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir