Arkadag şäheriniň adybir futbol topary çempion bolandan soň hem badyny gowşatmaýar. Mundan birnäçe minut ozal tamamlanan 25-nji tapgyryň duşuşygynda topar «Ahaly» 2:1 hasabynda ýeňdi. Bu barada «Janköýer» habar berýär. 33-nji minutda Arslanmyrat Amanowyň geçiren goly bilen öňe geçen «Arkadag» topary 47-nji minutda Abdy Bäşimowyň geçiren golundan soňra ýeňşini has berkitdi. «Ahal» 77-nji minutda Alibek Abdyrahmanowyň goly bilen hasaby ýygran hem bolsa, deňlemegi başarmady. Şeýlelikde, duşuşyk «Arkadagyň» möwsümde 23-nji ýeňşi, «Ahalyň» bolsa 9-njy utulyşy bilen tamamlandy. Dartgynly duşuşygyň soňky 20 minutdan gowragyny «Arkadag» topary 10 oýunçy bilen geçirmeli boldy. Çünki ilkinji sary kartyny 30-njy minutda gören ýarym goragçy Ilýa Tamurkin 70-nji minutda ikinji saryt kartdan soň meýdandan çykaryldy. Muňa garamazdan, çempion ýeňşi elden gidirmedi. Bu ýeňişden soň «Arkadag» futbol topary utugyny 69-a çykardy. Çempionatyň başyndan bäri 100 göterimlik netije görkezip gelýän topar şu ýyl Ýokary ligada 80 gol geçiren ilkinji topar boldy. Bu bolsa toparyň futbolçylarynyň ýaryş tertibiniň soňky dört basgançagyndaky «Köpetdagyň», «Energetigiň», «Şagadamyň» we «Merwiň» bilelikde geçiren gollaryndan hem köp gezek tapawutlanandygyny görkezýär. 21 duşuşykda 32 utuk toplap bilen «Ahal» bolsa dördünji orunda galdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir