Hammam otagy üçin owadan we çyglylyga çydamly mebelleri satyn almak isleýänler üçin hoş habar gelip gowuşdy – 31-nji dekabra çenli olary «NG Kutahya» dükanynda bellenen bahasynyň ýarysyna satyn almak mümkindir. «Kutahya Seramik» brendiniň Türkmenistandaky resmi distribýutory aýnaly we aýnasyz diwar şkaflarynyň, tekjeleriň, şeýle hem rakowinalaryň aşagynda goýulýan tumbalaryň dürli görnüşlerini hödürleýär. Önümleriň giň görnüşleriniň bolmagy islendik reňkdäki we ululykdaky mebel toplumyny saýlap almaga mümkinçilik berýär. «NG Kutahya» dükanyndaky hammam otagy üçin mebeller temperaturanyň üýtgemegine çydamly we suwa garşy durnukly häsiýeti bolan ýokary hilli materiallardan ýasalýar, şonuň üçin olar ýokary çyglylyk şertlerinde-de uzak wagtlap hyzmat edip bilýärler. Ýatlatsak, «Kutahya» dükanynda beýleki harytlara-da, şol sanda santehnika enjamlaryna 50% arzanladyş hereket edýär. Şeýle hem bu ýerde harydy Aşgabadyň içine mugt eltip bermek hyzmaty hödürlenýär. Ýurduň beýleki welaýatlaryna hem eltip bermek mümkindir, bu hyzmatyň bahasy aýratynlykda kesgitlenýär. «Kutahya Seramik» dükanynyň salgysy: Ahal welaýaty, Ak Bugdaý etraby, senagat zolagynyň çäkleri, «NG Kutahya» binasy. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 611 611. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir