Türkmenistanyň çägine sowuk howa aralaşdy. Netijede ýurduň käbir sebitlerinde gyşda alynýan şikesleriň esasy sebäbi bolan doňaklyklar emele geldi. Şeýle şertlerde ýykylmakdan we dürli görnüşli beýleki şikesleri almakdan nädip goranmaly? Esasy üns berilmeli zatlar — ünslülik we seresaplylyk. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär. «Islendik şikes özüne ýetesi ýakymsyz. Hatda kiçijek şikesler hem netijesiz galmaýar we özüňi oňaýsyz duýmaga sebäp bolýar. Has agyr şikesler bolsa saglyga hem zyýan ýetirýär. Şonuň üçin ilkinji maslahat: alajy bolsa, bu howada mümkingadar az daşary çykmaga synanyşyň» diýip, gazetde çap edilen makalda ýazylýar. Mundan başga-da, makalada gyş paslynda, has hem, doňaklyk wagtlarda typmaýan aýakgaplary geýmäge üns bermelidigi, gartaşan adamlaryň öz ýanlary bilen hasa meňzeş dürli söýgetleri alyp ýörmekleriniň maksadalaýyk boljakdygy, doňaklyk wagtda aýratyn hem ýollarda, basgançaklarda, awtobusa münüleninde we düşüleninde seresaplylygy elden bermeli däldigi barada bellenilýär. Makala bilen has giňişleýin «Turkmenportalyň» rus bölüminde tanşyp bilersiňiz.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir