Şu gün Türkmenistanyň we Taýland Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň gurluş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça häzirki meseleler we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Habarda bellenilişi ýaly, söhbetdeşler dürli derejedäki saparlary alyşmak, Türkmenistanyň hem-de Taýlandyň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, şeýle hem parlamentara dostluk toparyny döretmek we iki ýurduň parlamentarlarynyň saparlaryny alyşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň çäklerinde türkmen-taýland gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini bellediler. Habarda bellenilişi ýaly, diplomatlar Daşary işler ministrliginiň arasyndaky syýasy geňeşmeleri dowam etdirmegiň, iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle hem Türkmenistanyň we Taýlandyň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda işewürlik forumlaryny geçirmek arkaly söwda-ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmegiň möhümdigini bellediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir