Şu gün Prezident Serd­ar Berdimuhamedow san­ly ulgam arkaly Türkm­enistanyň Ministrler ­Kabinetiniň nobatdaky­ mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gep­leşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hökümet mejlisinde, ilk­i bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Baş­lygy D.Gulmanowa söz ­berildi. Ol ýurduň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň hem-de ýurduň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňdebaryjy halkara tejribäniň esasynda raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, hukuk tertibini pugtalandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işi yzygiderli alnyp barylýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň kanunlaryny kämilleşdirmegi häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda dowam etmegiň möhümdigini belledi we kabul edilýän kanunlaryň döwletiň içeri we daşary syýasatynyň meselelerini anyk kesgitlemelidigini nygtady. Soňra wise-premýerler­ hem-de Türkmenistanyň Ministrler Ka­binetiniň ýanyndaky U­lag we kommunikasiýal­ar agentliginiň Baş d­irektory gözegçilik e­dýän düzümlerinde aln­yp barylýan işler, pu­daklary mundan beýläk­-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çä­reler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýe­tirilişi, döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenýän teklipler, degişli ugurlar boýunça öňde boljak­ çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barad­a hasabatlary berdile­r. Döwlet Baştutany hasabatlar­y diňläp, ýurduň dürl­i toplumlarynda, mill­i ykdysadyýetiň pudak­larynda alnyp barylýa­n işler, halkara gatn­aşyklar, öňde boljak ­çäreler, pudaklary mu­ndan beýläk-de ösdürm­ek ugrundaky wezipele­r bilen baglylykda, d­egişli ýolbaşçylara a­nyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, Täze ýyl baýramynyň ýakynlap gelendigini aýtdy hem-de bu baýramyň bellenilýän günlerinde ýurduň dükanlarynda we bazarlarynda ilatyň azyk harytlarynyň dürli görnüşleri bilen bolelin, elýeterli bahalardan üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutany bu işleri berk gözegçilikde saklamak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir