Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa we ýurduň ähli halkyna Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow, mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, ähli asylly başlangyçlarynda Gudraty Güýçli Allatagalanyň oňa medet bermegini, Bahreýn Patyşalygynyň doganlyk halkyna bolsa döwlet Baştutanynyň parasatly ýolbaşçylygynda öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir