Şu ýyl Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) döredilenine 30 ýyl doldy. Bu gün gurama özüne alty agza-ýurdy we ýedi synçy Respublikany birleşdirýär. Guramanyň döredilmeginiň ýubileýine bagyşlanan konsert Türkiýede geçirildi diýip, «24KZ» ýazýar. Bütin ýylyň dowamynda şeýle konsertler agza ýurtlarda geçirildi. Ankarada geçen aýdym-saz, tans çykyşlary gurama gatnaşyjy döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň barha berkeýändiginiň, umumy taryhy, medeni kökleri bolan türki halklaryň doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň mysaly boldy. Ahmet Merwi, Ankaranyň ýaşaýjysy şeýle gürrüň berýär: - Şu günki konsertden soň men özümiziň näderejede baý taryhymyzyň, köpdürli medeniýetimiziň bardygyna göz ýetirdim. Men ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanýandygyna begenýärin. TÜRKSOÝ guramasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-saz çykyşlaryny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sahnasynda guramak hem meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir