21-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň çäklerinde Hytaýyň Longyun söweş sungaty boýunça toparyň çykyşy görkeziler. Dabaranyň dowamynda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary Hytaýyň Longyun söweş sungatynyň döreýiş taryhy we onuň görnüşleri bilen giňişleýin tanyş bolarlar. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir