Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky (ÝTÖB) Merkezi Aziýada we Mongoliýada «Ýaşlar işewürlikde» diýen maksatnama badalga berdi diýip, «Trend» habar berdi. Maksatnama ilatyň üçden bir bölegi 35 ýaşdan kiçi bolan sebitlerde ýaşlar telekeçiligini ösdürmäge gönükdirilendir. Ýedi ýylyň dowamynda maksatnama ýaş işewürler tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän kiçi we orta kärhanalary goldar. Bank geljek karzlaşdyrma üçin 200 million ýewro bölüp berer we sebitde 20-ä çenli maliýe institutlaryny taslama çeker.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir