«Alem Sport enjamlar & aksessuarlar» multibrend dükanynda köp sanly esbaplaryň we ýörite enjamlaryň, sport bilen meşgullanmak we işjeň dynç almak üçin egin-eşikleriň we aýakgaplaryň dürli görnüşleri hödürlenýär. Dükanda professional türgenler hem-de sagdyn durmuş ýörelgesiniň muşdaklary üçin zerur bolan islendik harydy satyn almak mümkindir. Çagalar we ýetginjekler «Alem Sport enjamlar & aksessuarlar» dükanyndan alna sowgatlara ýokary baha bererler. Bu ýerde dürli nusgalarda we ululykda samokatlaryň we welosipedleriň giň görnüşleri hödürlenýär. Sport ugry boýunça dünýäniň öňdebaryjy brendleriniň önümleri açyk howada sport bilen meşgullanmagy we maşgala dynç alyşyny amatly hem-de ygtybarly edýär. Dükanda zerur harydyň bolmadyk ýagdaýynda, ony sargyt esasynda ýurda getirtmek mümkindir. Şeýle-de «Alem Sport enjamlar & aksessuarlar» satyn alnan harytlary Aşgabada we beýleki welaýatlara eltip berme hyzmatyny amala aşyrýar. Dükanda harytlary arzan bahalardan satyn almaga mümkinçilik berýän dürli aksiýalar geçirilýär. «Alem Sport enjamlar & aksessuarlar» dükanynyň hödürleýän harytlary bilen «Berkarar» SDAM-nyň 1-nji gatynda, B6B dükanynda tanşyp bilersiňiz. Goşmaça maglumat üçin telefon belgileri: (+993 62) 00 22 44, (+993 64) 34 57 57, (+993 12) 46 88 83. «Alem Sport» dükanynyň sosial ulgamdaky sahypasy. Elektron poçta salgysy: Info@alemsport.com. Şeýle-de okaň: Bosagada Täze ýyl: «Alem Sport enjamlar & aksessuarlar» dükanyndan sport sowgatlyklaryny 24% arzan satyn alyň Täze 2024-nji ýyl ýetip gelýär – «Alem Sport lybaslary & aýakgaplary» dükanynda 24% arzanladyşdan peýdalanyň

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir