15-nji dekabrda futzal boýunça ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň birinji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär. Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumynda geçirilýän bäsleşikde ilki “A” toparçanyň wekilleri bäsleşdiler. Geçirilen duşuşyklaryň netijesinde “Köpetdag” “Ýüpek ýoly” toparyny (10:0), “Gara altyn” topary bolsa “Migrasiýany” (3:0) ýeňlişe sezewar etdiler. “B” toparçada geçirilen duşuşyklarda “Deňizçi” “Kerweniň” derwezesinden jogapsyz toplaryň 12-sini geçirmegi başardy. “Gümrükçi” topary bolsa “Senagatbank” toparyndan üstün çykdy (5:3). Her toparçada ilkinji iki orny eýelänleriň ýarymfinalda güýç synanyşmaga mümkinçilik alýandyklaryny ýatladýarys. Birinji tapgyryň netijeleri: “Köpetdag” – “Ýüpek ýoly” – 10:0 “Migrasiýa” – “Gara altyn” – 0:3 “Deňizçi” – “Kerwen” – 12:0 “Gümrükçi” – “Senagatbank” – 5:3 2-nji tapgyr (16.12.2023 ý.): Oýun 5 «A» - toparça «Ýüpek ýoly» – «Gara altyn» 14:00 Oýun 6 «A» - toparça «Köpetdag» – «Migrasiýa» 16:00 Oýun 7 «B» - toparça «Kerwen» – «Senagatbank» 18:00 Oýun 8 «B» - toparça «Deňizçi» – «Gümrükçi» 20:00

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir